Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 4-nji maýda degişli Karara gol çekdi.
Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň rysgaly we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi