744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
05.05.2026
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 4-nji maýda ýurtda obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, agrotehniki çäreleriň ýokary hilli, ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada hem häkimlere anyk tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer Taňryguly Atahallyýew hem ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ekinlere talabalaýyk ideg edilmeginiň zerurdygy bellenilip, bu babatda degişli tabşyryklar berildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi