744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
14.10.2026

Aşgabatda 21–23-nji oktýabrda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde Malaýziýanyň ilkinji milli pawilýonynyň guralmagyna garaşylýar.

Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasy (MPRC) bilen bilelikde taýýarlanylýan ýörite pawilýonda bu ýurduň nebitgaz hyzmatlary, inženerçilik, deňizdäki nebitgaz işleri, enjam üpjünçiligi we sanly tehnologiýalar ugurlarynda ýöriteleşen 20-den gowrak kompaniýasy öz mümkinçiliklerini görkezer.

Malaýziýanyň wekiliýetine Hajy Akmal Nasrulla bin Mohd Nasiriň ýolbaşçylyk etmegine garaşylýar. Forumyň dowamynda iki ýurduň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasynda tegelek stol duşuşygyny geçirmek hem meýilleşdirilýär.

Duşuşykda malaýziýaly işewür toparlaryň wekilleriniň «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň tehniki hünärmenleri hem-de satyn alyş bölümleriniň wekilleri bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagyna mümkinçilik dörediler.

Taraplar enjamlary ibermek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, tejribe alyşmak, inženerçilik hyzmatlaryny ösdürmek, hünärmenleri taýýarlamak hem-de senagat hyzmatdaşlygynyň geljegine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahaty we sergisi energetika kompaniýalaryny, maýadarlary, enjam we tehnologiýa üpjün edijilerini, şeýle hem Türkmenistanyň nebitgaz pudagy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlary bir ýere jemlär.