Türkmenistan bilen Hytaýyň energetika ulgamyndaky strategik hyzmatdaşlygy batly depginde ösýär. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy hökmünde Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasynyň (CNPC) Lebap welaýatyndaky «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde amala aşyrýan iri senagat we infrastruktura taslamalary öňe çykýar. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.
Gaz pudagynyň kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, «B» blogynyň günbatar bölegindäki alty sany täze gaz ýatagy özleşdirildi. Umumy maýa goýum möçberi 280 million dollara deň bolan bu taslamanyň çäklerinde 22 sany önümçilik guýusy, gaz ýygyjy stansiýalar hem-de turbageçirijiler gurulyp, ýylda 1,8 milliard kubometr tebigy gaz çykarmak mümkinçiligi döredildi we 200-e golaý täze iş orny açyldy.
2007-nji ýyldan bäri «Bagtyýarlyk» çägine 9 milliard dollardan gowrak göni maýa goýum gönükdirilip, 570 milliard kubometrden gowrak gaz ätiýaçlygy tassyklanyldy. Häzirki wagtda bu ýerde ýylda 14,5 milliard kubometr gaz öndürýän iki zawod bökdençsiz işleýär, taslama başlaly bäri bolsa jemi 133 milliard kubometrden gowrak gaz çykaryldy.
Önümçilik bilen bir hatarda sosial ösüşe hem uly üns berilýär. Kompaniýanyň işgärler düzüminiň 90 göterimden gowragyny ýerli hünärmenler düzüp, CNPC ýaşlary Hytaýyň Nebit uniwersitetinde okatmak borçnamasyny ýerine ýetirýär hem-de welaýatda saglygy saklaýyş, bilim, sport we agyz suwy üpjünçiligi boýunça sosial taslamalary maliýeleşdirýär.