Nebitçi inženerler jemgyýetiniň (SPE) Türkmenistandaky şahamçasy 2026–2027-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny öz içine alýan «ýol kartasyny» taýýarlamagy teklip etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Bu başlangyç Nebitçi inženerler jemgyýetiniň ýokary derejeli wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň jemleri boýunça öňe sürüldi. «Ýol kartasynyň» esasy maksady tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmek, hünärmenleriň halkara tejribe alyşmagyna şert döretmek hem-de Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň inženerçilik kuwwatyny ösdürmekden ybaratdyr.
Resminamada yzygiderli tehniki webinarlaryny, hünär okuw maslahatlaryny geçirmek, Nebitçi inženerler jemgyýetiniň Türkmenistandaky şahamçasynyň agzalyk düzümini giňeltmek, talyplaryň gatnaşygyny işjeňleşdirmek hem-de Hazar sebitindäki Nebitçi inženerler jemgyýetiniň şahamçalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly ugurlar ileri tutulýar.
Şeýle hem başlangyç hünärmenleriň halkara tehniki maslahatlara we bilim alyşmak maksatnamalaryna gatnaşygyny artdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça tejribe alyşmaga hem-de ýaş inženerleriň hünär taýdan ösüşini goldamaga gönükdirilendir.
Hödürlenen «ýol kartasy» Türkmenistanyň nebitçi inženerleriniň halkara hünär jemgyýetçiligi bilen gatnaşyklaryny ösdürmekde we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň amaly esaslaryny döretmekde möhüm ädim bolup durýar.