«PETRONAS» kompaniýasy Türkmenistanda milli işgärleri taýýarlamak boýunça gazanan netijelerini jemledi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň raýatlary kompaniýanyň ýurtdaky işgärleriniň takmynan 90 göterimini düzýär. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, geçen 30 ýylyň dowamynda 1000-den gowrak türkmen hünärmeni dürli ugurlarda işe çekildi, bu bolsa milli işgärler kuwwatyny ösdürmegiň üstünlikli nusgasyna öwrüldi. Şeýle hem kompaniýanyň goldawy bilen 188 türkmen talyby Universiti Teknologi PETRONAS uniwersitetinde bilim aldy, 235 hünärmen bolsa INSTEP tehniki okuw merkezinde hünär taýýarlygyny geçdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
1996-njy ýylda «Blok-I» boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşygyň baglaşylmagy bilen başlanan hyzmatdaşlygyň dowamynda «PETRONAS» Türkmenistanyň Hazar deňziniň türkmen böleginde geologiýa-gözleg we uglewodorodlary gazyp almak işleri bilen bir hatarda, deňiz platformalaryny, turba geçiriji ulgamlary, kenarýaka gaz terminalyny we Gyýanlydaky gazy gaýtadan işleýän zawody öz içine alýan toplumlaýyn önümçilik düzümini kemala getirmäge gatnaşdy. Kompaniýa sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, önümçilik netijeliligini ýokarlandyrmak, işgärleri taýýarlamak hem-de bilim geçirmek ugurlarynda hem yzygiderli iş alyp barýar.
Mundan başga-da, «PETRONAS» Türkmenistanda bilim we durmuş taslamalaryna hem işjeň gatnaşýar. Kompaniýa bilim edaralaryny goldamak, iňlis dili, matematika, maglumat tehnologiýalary, STEM maksatnamalary boýunça okuwlary guramak, «Water for Life» taslamasyny durmuşa geçirmek, kenarýaka zolaklaryny arassalamak we bag ekmek ýaly jemgyýetçilik başlangyçlaryny amala aşyrýar. Bu başlangyçlar nebitgaz pudagynda diňe bir önümçilik mümkinçiliklerini däl, eýsem adam maýasyny hem ösdürmäge gönükdirilendir.
«PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistandaky 30 ýyllyk tejribesi we milli işgärleri taýýarlamakdaky gazanan netijeleri 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahatynde we sergisinde aýratyn beýan ediler. Forumda kompaniýanyň hünärmenleri bilim geçirmek, tehnologiýalary ornaşdyrmak, işgärler kuwwatyny ösdürmek hem-de halkara energetika hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary boýunça çykyş ederler. «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň maksatnamasynda «PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistandaky 30 ýyllyk hyzmatdaşlygy aýratyn mowzuk hökmünde ara alnyp maslahatlaşylar.