744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.10.2026

«OGT — 2026» halkara forumy döwlet edaralarynyň ýokary derejeli wekillerini, halkara nebit-gaz kompaniýalaryny, tehnologiýa we maliýe edaralaryny hem-de maýadarlary bir ýere jemlär. Maslahatda energetika howpsuzlygy, durnukly ösüş we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça giňişleýin pikir alşylar. Bu barada Nebit-gaz gazeti habar berdi.

Türkmenistan uglewodorod serişdelerini özleşdirmek bilen bir hatarda, gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmäge we nebit-gaz önümlerini çuňňur gaýtadan işlemäge uly üns berýär. Forumyň çäginde Hazar deňziniň türkmen bölegindäki we gury ýerdäki uglewodorod taslamalary, «Galkynyş» gaz ýatagyny özleşdirmegiň tapgyrlary hem-de Türkmenbaşydaky we Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlary döwrebaplaşdyrmak boýunça maýa goýum mümkinçilikleri hödürlener.

Şeýle hem çärede tebigy gazyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyna aýratyn orun berler. Mundan başga-da, metan zyňyndylaryny azaltmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we Gün hem-de ýel energetikasy boýunça ekologiýa hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşylar.

«OGT — 2026» forumy hyzmatdaşlygy täze basgançaklara çykarmak hem-de halkara derejede özara bähbitli täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin netijeli meýdança bolar.