744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.10.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 19-njy oktýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan möwsümleýin işler we welaýatlardaky gurluşyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer pagta ýygymynyň depgini, bugdaý ekişiniň hem-de ekilen meýdanlara ideg etmek işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Şeýle hem Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyry boýunça alnyp barylýan işler, Türkmen alabaýynyň baýramyna taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda binalaryň gurluşygy barada maglumat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagy, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmegi we oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet harmanyna tabşyrylan önümler üçin kärendeçiler bilen öz wagtynda hasaplaşyk geçirmegi hem-de şu ýyl açylmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşygyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.