744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
04.11.2026

Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasary Serdar Saparow "Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi" (CIET-2026) atly halkara maslahatynda we sergisinde çykyş etdi. Çäre 3-5-nji noýabrda Aşgabatda geçirilýär.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň garamagynda umumy gurnalan kuwwaty 6500 megawatdan gowrak bolan 11 elektrik stansiýasy bar. S.Saparowyň bellemegine görä, bu ýurduň içerki zerurlyklaryny doly üpjün etmäge we eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döredýär. Ol şeýle hem Türkmenistanyň bitewi halkalaýyn energoulgamyny döretmek taslamasynyň tamamlanandygyny habar berdi.

Ministriň orunbasary elektrik ulgamlarynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga we sanlylaşdyrmaga aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Gürrüň awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlaryny, sanly gözegçiligi we akylly hasaba alyş enjamlaryny ornaşdyrmak hakynda barýar. Halkara tejribeden peýdalanyp, elektrik energiýasynyň täjirçilik hasabynyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny we döwrebap akylly hasaplaýjylary ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri öwrenilýär.

Gaýtadan dikeldilýän energetika pudagynda Aziýa ösüş bankynyň goldawy bilen Türkmenistanyň ýel energiýasy serişdelerini toplumlaýyn öwrenmek boýunça barlaglar dowam etdirilýär. S.Saparow olaryň netijeleriniň ýel elektrik stansiýalaryny gurmak üçin geljegi uly meýdançalary kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigini belledi.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda ýokary öndürijilikli hasaplamalar üçin maglumatlary işläp taýýarlaýan merkezleri döretmek barada halkara kompaniýalar bilen deslapky gepleşikler geçirilýär. Şeýle taslamalar öndürilýän elektrik energiýasynyň artykmaç bölegini netijeli peýdalanmaga we maýa goýumlaryny çekmäge mümkinçilik berer.