744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
24.11.2026

23-nji noýabrda Moskwada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nokerguly Atagulyýew hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin bilelikde başlyklyk etdiler. Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklara we ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berdiler.

Gepleşikleriň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny seljerdiler, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine garadylar hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlediler.

Bellenilişi ýaly, döwletara dialog çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýar. Mejlise gatnaşyjylar iň ýokary we ýokary derejelerdäki gatnaşyklaryň esasy ornuny nygtap, bu duşuşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen pugtalandyrmagyň iň möhüm şerti diýip atlandyrdylar. Gatnaşyklaryň depginli ösmegine hökümetara, parlamentara we pudagara derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklar hem ýardam berýär.

Ýangyç-energetika pudagyndan başga-da, senagaty we oba hojalygyny ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanyň we Russiýanyň işewür düzümleriniň arasyndaky göni gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gün tertibine ulag-aragatnaşyk ulgamynda we sanly tehnologiýalar babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri hem girizildi.

Ynsanperwer gün tertibiniň çäklerinde bilim we ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, sport hem-de daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga üns berildi. Iki ýurduň wekilleri maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça anyk teklipleri beýan etdiler.

Dostluk we ynanyşmak ruhunda geçen mejlisiň jemleri boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.