23-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän birnäçe ugurlar boýunça ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga, şeýle hem halkara ulag we energetika ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar sebit infrastruktura başlangyçlarynyň çäklerinde özara hereket etmegiň we Hazarüsti ulag arabaglanyşygyny ösdürmegiň geljegine garadylar.
Mundan başga-da, bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri boýunça aýratyn pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda müntäzem syýasy-diplomatik dialogy dowam etdirmäge hem-de Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy.