744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
07.06.2024
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy AÖB-niň wekili bilen täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aziýa Ösüş Bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça bölüminiň Baş direktory Ýewgeniý Žukow bilen geçiren duşuşygynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Aziýanyň Ösüş Bankynyň (AÖB) arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Mundan başga-da, söhbetdeşler ulag, saglygy goraýyş, telekeçilik ýaly ugurlarda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar diýip, DIM belleýär.

Türkmenistanyň AÖB bilen ulag, energetika, hususyýetçilige goldaw bermek we maýa goýum hyzmatdaşlygy ýaly ugurlarda uzak möhletleýin gatnaşyklarynyň netijeliligi nygtaldy.

Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde taraplar 2025-nji ýylda Türkmenistanyň AÖB-na agza bolmagynyň 25 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly bilelikdäki taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.