744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Gaz we gazkondensat guýularynda üst-işjeň maddalary ulanmagyň ähmiýeti
09.04.2026

Gaz we gazkondensat känleri uzak wagtlap işlenip geçilende, gatlak-guýy ulgamynyň termodinamik ýagdaýy üýtgeýär, ol bolsa birnäçe meseleleriň ýüze çykmagyna getirýär. Gaz fazada ýerleşýän suwuklygyň ýygnanmagynyň (kondensirlenmeginiň) we gatlakdaky suwuklygyň süzülmesiniň netijesinde guýynyň düýbünde suwuklygyň toplanmagy bilen, gazsuw bilen işleýän guýularyň çykymy azalýar. Işläp geçmegiň başynda gaz akymynyň tizligi ýokary wagty toplanýan suwuklygyň göwrüminiň bolsa uly bolmadyk ýagdaýynda guýynyň düýbünde toplanan suwuklygyň hemmesi gazyň akymy bilen ýokary galýar. Suwuklygyň mukdarynyň köpelmegi bilen guýynyň düýbüniň basyşy ýokarlanýar, ol bolsa gazyň çykymynyň peselmegine, wagtyň geçmegi bilen bolsa gazyň akymynyň düýbünden kesilmegine getirýär.

Gatlakdan guýa barýan gazyň akymyny bir depginde saklamak üçin guýynyň we gatlagyň arasynda basyşyň belli bir tapawudyny döretmeli bolýar. Işläp geçmegiň giçki tapgyrlarynda gaz guýularynyň önüm berijiligi peselýär, diýmek, gazyň hereketiniň tizligi hem peselýär, ol bolsa suwuklygyň çykymynyň ýokarlanmagyna alyp barýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin gaz guýynyň düýbünde toplanan suwuklygy wagtyndan öň aýyrmak talap edilýär.

Häzirki wagtda teklip edilýän tehnologik prosesleriň, usullaryň, şeýle hem himiki reagentleri goýbermek üçin niýetlenen tehniki serişdeleriň sany has köpeldi. Üst-işjeň maddalar (ÜIM) gatlak ulgamyna suwuk ýa-da gaty ýagdaýda, döwürleýin ýa-da arakesmesiz, aýratynlykda ýa-da birnäçe reagentler bilen bilelikde goýberilip bilner. Gaz çykaryş senagatynda guýynyň düýbünde suwuň toplanmagy bilen baglanyşykly bolan meseleleri çözmek üçin üst-işjeň maddalaryň esasynda ýasalan köpürjik döredijiler guýa goýberilende akymlar emele gelýär. Bu ýagdaýda, ulanylýan ýerine baglylykda, gerekli ýa-da gereksiz ýüze çykma hökmünde peýda bolan üst-işjeň maddalaryň erginleriniň köpürjikleme proseslerini öwrenmek wajyp bolup durýar. Nebit we gaz guýulary burawlananda, önümli gatlaklar açylanda, özleşdirme-abatlaýyş işleri geçirilende, guýularyň düýbünde toplanan suwuklygy çykarmak üçin üst-işjeň maddalar giňden ulanylýar.

Üst-işjeň maddalar organiki birleşmelerden düzülip, molekulalary difil (ikileýin) gurluşa eýedir, ýagny gidrofil we gidrofob atom toparlaryny saklaýarlar. ÜIM himiki häsiýetleri boýunça 3 topara bölünýär, ýagny: ionogen (ionlara bölünýän), ionogen däl hem-de amfoter görnüşli.

Üst-işjeň maddalaryň häsiýetnamalary öwrenilenden soň, aşakda görkezilen esasy meseleler kesgitlendi: — ula­nyl­ýan su­wuň hi­mi­ki der­ňe­wi­ni geçirmek; — kö­pür­jik eme­le ge­ti­ri­ji ÜIM-i saý­la­mak; — er­gin­le­riň kö­pür­jik­len­me­si bo­ýun­ça barlaghana synaglaryny geçirmek; — dür­li gat­lak suw­ly iş­le­ýän gaz guýularynda ulanmak üçin ÜIM-iň optimal konsentrasiýasyny saýlamak.

Barlaghana şertlerinde köpürjikli erginleri taý­ýar­la­mak üçin «Ýu­ni­kor — 10 A200» atly amfoter ÜIM ulanyldy. Bu ÜIM öz düzüminde anion we kation işjeň toparlary saklaýar. Şeýle-de olaryň ikisiniň hem häsiýetleri utgaşandyr. Gurşawyň pH ululygyna baglylykda amfoter ÜIM-iň suwly erginleri anion işjeň (aşgarly gurşawda) we kation işjeň (turşy gurşawda) häsiýeti ýüze çykarýar. Bitarap gurşawda bolsa, olar özlerini ionogen däl ÜIM ýaly alyp barýarlar. Şonuň bilen gatlak suwuň düzüminde kondensatyň mukda­ry 1,0 — 5,0 göterime çen­li bo­lan­da, «Ýuni­kor — 10 A200» rea­gen­ti­niň muk­da­ry­ny 8 — 15 göterime çen­li goş­mak bi­len dur­nuk­ly köpürjikli ergin alyp bolýandygy anyklandy.

Häzirki wagtda «Türkmengaz» döwlet konserniniň gaz çykaryş müdirliklerine degişli gazkondensat känleriniň guýularynda ýygnanýan suwlary howa boşlugyna goýbermegi azaltmakda we ulanyş guýularynyň wagtyndan öň suwlanmasynyň öňüni almakda üst-işjeň maddalar oňyn netijeleri görkezýär. Umuman aýdanymyzda, üst-işjeň maddalary ulanmak gaz we gazkondensat känleriniň işlenip geçilmegine uly ýardam berer.

 

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti