744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Nebitgaz pudagynyň ägirt uly mümkinçilikleri we energetika howpsuzlygy
21.07.2026

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda energetika strategiýasyny yzygiderli kämilleşdirip, dünýäniň iri ýangyç-energetika döwletleriniň birine öwrüldi. Ýurduň nebitgaz pudagynyň ägirt uly serişde kuwwaty sebitiň we ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda pudagy ösdürmek ýoly diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçiligi döwrebaplaşdyrmak we iň döwrebap ekologik standartlary ornaşdyrmak ýörelgelerine esaslanýar. Häzirki wagtda täze gurulýan senagat desgalarynda önümçilik we dolandyryş işleri doly sanly ulgam arkaly amala aşyrylyp, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri almaga şert döredýär.

Bu ugurda amala aşyrylan ägirt uly taslamalaryň biri hem Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawoddyr. Dünýäde ilkinjileriň biri bolan bu döwrebap toplum ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli ýangyç öndürmäge ýöriteleşendir. Zawod ýylda takmynan 1 milliard 785 million kub metr tebigy gazy çuňňur gaýtadan işläp, halkara Euro-5 standartyna laýyk gelýän ECO93 kysymly benziniň 600 müň tonnasyny, şeýle hem dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy öndürmäge ukyplydyr. Bu önümçilik desgasy ýurdumyzyň nebithimiýa ulgamynda täze tapgyry emele getirdi.

Milli ykdysadyýetimiziň ýene bir strategik sütünleriniň biri hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumydyr (TNGIZT). «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümine girýän bu kärhana Merkezi Aziýanyň iň öňdebaryjy tehnologiýa toplumlarynyň biri bolup durýar. Bu ýerde nebit we gaz kondensaty çuňňur gaýtadan işlenilip, bazaryň talaplaryna laýyk gelýän harytlar taýýarlanylýar. Önümçilik kuwwaty doly awtomatlaşdyrylan zawodlar toplumynda häzirki wagtda ýylda ortaça 4,9 — 5 million tonna çig mal işlenilip, taýýar önümler diňe bir içerki bazary doly üpjün etmän, eýsem, Ýewropa, Aziýa we Ýakyn Gündogar döwletlerine hem eksport edilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe energetika serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpdürli görnüşe getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hem yzygiderli goldanylýar. Murnuň özi BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmek baradaky degişli Kararnamalaryň kabul edilmegi bilen hem aýdyň subut edilýär. Ýurdumyz dürli ugurlar boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar, halkara maliýe guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli işjeňleşdirýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň senagat, ykdysady we intellektual kuwwatyny halkara giňişliginde tanatmak maksady bilen wirtual hem-de amaly sergiler, halkara maslahatlar yzygiderli guralýar. Döwletimiziň halkara EKSPO sergilerinde gazanan üstünliklerine dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň Hytaý Halk Respublikasy we Malaýziýa döwletleri bilen energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy aýratyn netijeliligi bilen tapawutlanýar. Häzirki döwürde Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) we Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk ýokary derejä göterilip, strategik häsiýete eýe boldy.

D. Kiçikow

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Edara ediş we hojalyk işleri müdirliginiň Edara ediş we hojalyk işleri bölüminiň esasy hünärmeni