Geçen ýekşenbe güni Aşgabatda ýurt Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri girizildi. Bu taryhy mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän döwlet häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň ähli sebitlerine wekilçilik edýän jemgyýetçilik wekilleri, beýleki çagyrylan adamlar gatnaşdylar. Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde maksatnamalaýyn çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz bu wekilçilikli mejlisiň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimizi has-da berkitmekde, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň bähbidine öňde duran örän möhüm soraglary maslahatlaşyp, anyk wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynam bildirdi. Soňra mejlisiň gün tertibine hödürlenen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçip, oňa gatnaşyjylara söz berildi. Çykyş edenleriň hatarynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş hünärmeni Allaýar Mämmedorazowa söz berildi. Onuň nygtamagyna görä, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumynyň ýokary depginlerde ösdürilmegine uly üns berýär. Bu ugurdaky işlere örän uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär. Durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde, täze nebitgaz ýataklary özleşdirilýär, alynýan nebitiň we gazyň mukdary, olary gaýtadan işlemekden dünýä ülňülerine gabat gelýän ýokary hilli önümleriň öndürilişiniň möçberi artdyrylýar. Türkmenistan dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we häzir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar, pudagyň kärhanalary döwrebap enjamlar, öňdebaryjy sanly we ekologik taýdan arassa tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Nebitgaz toplumynyň işine ylmyň iň täze gazanylanlary ornaşdyrylýar. Ugurdaş düzümler giňeldilýär, täze iş orunlary döredilýär. Bularyň ählisi Türkmenistany kuwwatly ykdysadyýeti bolan, senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge ýardam berýär. Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýändigi bellenildi. Nebitgaz pudagynyň eksport kuwwaty ýokarlanýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar pugtalandyrylýar we giňeldilýär. Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň amala aşyrylan gurluşygy, gazhimiýa toplumlarynyň, geljegi uly täze düzümleýin taslamalaryň gurulmagy munuň aýdyň mysallarydyr. A.Mämmedorazowyň nygtaýşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşyndan ruhlanan nebitgaz toplumynyň işgärleri türkmen halkynyň Milli Lideriniň Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge hem-de halkymyzyň abadançylygyna we röwşen geljegine gönükdirilen tekliplerini doly goldaýarlar. Günüň ikinji ýarymynda Halk Maslahatynyň mejlisi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda öz işini dowam etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda ýerine ýetirilen işleri beýan etmek üçin döwlet Baştutanyna söz berdi. Arkadagly Serdarymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksadynyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdygyny nygtady. Häzirki döwürde ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda we 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan esasy wezipeleriň ählisi diýen ýaly üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň üçin ýurdumyzyň senagat pudaklaryny ösdürmek; innowasion häsiýetli bilelikdäki kärhanalaryň işini ýola goýmak; eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikleri döretmek; oba hojalygynda özgertmeleri geçirmek hem-de azyk üpjünçiligini gowulandyrmak; ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp baryldy. Soňra Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisi dowam edip, hormatly Prezidentimize zähmetde öz gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan ýurdumyzyň raýatlaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekmegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekdi. Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular geňeşiniň agzalary bilen bilelikde umumymilli foruma gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolan Prezident Serdar Berdimuhamedowa döwlet sylagyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyza minnetdarlyk sözleri bilen ýüzlenip, bu ýokary sylagyň mähriban halkymyzyň bähbitleri üçin mundan beýläk-de yhlas bilen, gujur-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekmäge borçly edýändigini nygtady. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Garaşsyz Watanymyz ösüşleriň ak ýolundan ynamly öňe barýar. Biz «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary öňe sürmek bilen, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýarys. Garaşsyz ýurdumyz Ýer ýüzüniň döwletleri bilen hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň hem-de abadançylygyň berkarar bolmagyna saldamly goşandyny goşýar.