Türkmenistan 2024-nji ýylda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça meýilnamasyny 110 % ýerine ýetirip, ähli maliýeleşdiriş çeşmeleriniň hasabyna ABŞ-nyň 11 milliard dollary möçberinde maýa goýumlaryny özleşdirdi. Bu barada 18-nji martda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2025) halkara forumynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýew aýtdy.
Ministriň orunbasarynyň bellemegine görä, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýeti durnukly ösüşi görkezdi, ýurduň jemi içerki önümi 6,3% ýokarlandy. Maýa goýumlaryň umumy ykdysadyýetdäki paýy bolsa 17,6%-e ýetdi.
2025-nji ýylda ýurduň hökümeti çekilýän maýa goýumlaryň möçberini ABŞ-nyň 11,5 milliard dollaryna ýetirmegi maksat edinýär. Forumda berlen maglumata görä, meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň 65,6%-i önümçilik taslamalaryna gönükdiriler. Şeýle hem, umumy maýa goýumlaryň takmynan 33%-i hususy pudagyň, 10%-e golaýy bolsa daşary ýurt maýadarlarynyň hasabyna özleşdiriler.
Türkmenistanyň ösüş strategiýasynda hususy pudagy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Çaklamalara görä, 2025-nji ýylda ýurduň jemi içerki önümindäki döwlete dahylly bolmadykj pudagyň paýy (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) 71,6%-e ýeter.
Häzirki wagtda Türkmenistan maýa goýum işini düzgünleşdirýän 67 halkara şertnama baglaşdy, şol sanda 28 sany özara maýa goýumlary goldamak we goramak hakyndaky ylalaşyk hem-de 39 sany goşa salgyt salynmagynyň öňüni almak baradaky şertnamalar hereket edýär.
Çykyşynyň ahyrynda Perhat Ýagşyýew duşuşyga gatnaşanlary şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Maýa goýum forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Gyzyklanma bildirýän taraplara resmi çakylyklar diplomatik ýollaryň üsti bilen iberiler.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti