744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
24.03.2025
Türkmenistan durnukly ösüş boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 16-njy iýunyndaky Karary bilen tassyklanan hem-de Türkmenistanyň Bütindünýä metan başlangyjyna goşulmagy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Ýol kartasyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi, «Türkmengaz» döwlet konserni we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan baglaşylan «Özara düşünişmek hakyndaky Ylalaşygyň» çäklerinde «Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň «ýaşyl» ösüşi üçin: 2024 — 2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegine garşy hereketler» taslamasynyň utgaşdyryjy komitetiniň mejlisi geçirildi.

Mejlisiň dowamynda tehniki işler, amaly meýilnamalar, synag taslamalary hödürlenildi we resmi taýdan tassyklanyldy. Ýewropa Bileleşigi hem-de Germaniýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän bu taslama gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge, metanyň we ýylylyk döredýän gazlaryň zyňyndylaryny azaltmaga hem-de energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilip, Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda netijeli gatnaşyklary alyp barmagy maksat edinýär.

2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki «Arçabil» myhmanhanasynda GIZ guramasynyň «Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň «ýaşyl» ösüşi üçin: 2024 — 2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegine garşy hereketler» taslamasynyň utgaşdyryjy komitetiniň ilkinji mejlisi geçirilip, taslama resmi taýdan işe girizildi.

Täze ikitaraplaýyn taslamanyň çäginde tassyklanan tehniki işlere laýyklykda, baglaşylan resminamalaryň durmuşa geçirilmegi halkara tejribesine we öňdebaryjy ýewropa standartlaryna esaslanyp, Türkmenistanyň durnukly «ýaşyl» ösüşini üpjün eder. Taslamanyň esasy çäreleri metanyň we beýleki ýylylyk döredýän gazlaryň zyňyndylaryny azaltmagy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmegi, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmagy, milli hünärmenleriň başarnygyny ýokarlandyrmagy öz içine alýar.

Hasabat döwründe gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini hem-de energiýa netijeliligini ösdürmek boýunça ýörite strategiýanyň işlenip düzülmegine badalga berildi. Şu nukdaýnazardan, 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen Mary şäherinde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça ýaşlar forumy guraldy.

2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda ylalaşylan taslamanyň çäginde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynda utgaşdyryjy komitetiň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşyjylar 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini, 2025-nji ýyl üçin meýilnamalary we taslamanyň mundan beýläkki işleriniň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tassyklanan meýilnama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserniniň hünärmenleri bilen bilelikde tebigy gaz ýataklaryny işläp taýýarlamak we gaýtadan işlemek döwründe metan syzmalaryny ýüze çykarmak üçin niýetlenen LDAR programma üpjünçiliginiň we enjamlarynyň tehniki üpjünçiligi amala aşyryldy. Şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň binýadynda «Metan boýunça okuw merkezini» döretmek üçin zerur enjamlaryň sanawy düzüldi. Häzirki wagtda GIZ degişli enjamlary getirmek boýunça işleri alyp barýar.

— Biz hormatly Prezidentimize daşky gurşawy gowulandyrmak ugrunda dünýä döwletleri, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen işjeň hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda edýän tagallalary üçin çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys — diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň daşky gurşawy goramak bölüminiň ýolbaşçysy, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty, taslamanyň utgaşdyryjy komitetiniň agzasy Muhammetberdi Bäşiýew belledi.