Bütindünýä welosiped güni mynasybetli «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärlerden düzülen ýygyndy toparlaryň arasynda sportuň woleýbol we futbol görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Hususanda, «Sport sagdynlyk we ruhubelentlik» şygar astynda geçirilen ýaryşlara müdirligiň düzümine girýän «Gazawat» senagat meýdançasynda, Merkezi dolandyryş edarasynda, Merkezi ýyladyş elektrotehniki önümçilik tejribehanasynda, Jemleýji we üpjün ediji tehniki önümçilik hem-de baş gaz geçirijisiniň ugrundaky «Ýylanly» önümçilik edaralarynda ruhubelent zähmet çekýän işçi-hünärmenler ýokary işjeňlik bilen gatnaşdylar.
«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň Birleşen kärdeşler arkalaşygy komitetiniň guramagynda Daşoguz welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Daşoguz şäherindäki 6-njy sport mekdebinde woleýbol boýunça geçirilen ýaryşlara I derejeli eminler Rozumbaý Waisow we Guwanç Soltanow dagy eminlik etdi. Üç günläp dowam eden ýaryşlar daşoguzly gazçylaryň sportuň bu görnüşi boýunça ýeterlik baý tejribe toplandyklaryny aýan etdi.
Bu sport mekdebinde futbol boýunça geçirilen ýaryşlar hem çekeleşikli ýagdaýda hakyky sport baýramçylygyna öwrüldi. Birnäçe günläp ýokary ruhubelentlik we işjeň ýagdaýda dowam eden futbol ýaryşynyň netijesinde müdirligiň «Gazawat» senagat meýdançasynyň, Merkezi ýyladyş elektrotehniki önümçilik tejribehanasynyň we Merkezi dolandyryş edarasynyň işgärlerinden düzülen ýygyndy toparlaryň agzalary has şowly çykyş etmek bilen, degişlilikde, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýaryşlaryň ýeňijilerine Daşoguz welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň we «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň Hormat hatlary hem-de Birleşen kärdeşler arkalaşygy komitetiniň kubogy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Çeşme: «Ussat news» web-saýty