744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
30.05.2026
Türkmenistan we Hytaý energetika pudagynda bilelikdäki taslamalary öňe sürýär

Türkmenistan we Hytaý energetika pudagynda, aýratyn-da gaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi we bilelikdäki taslamalary mundan beýläk ilerletmegi maksat edinýär.

Bu mesele Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, HKP MK-nyň Daşary işler boýunça komissiýasynyň kanselýariýasynyň ýolbaşçysy, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I bilen Nýu-Ýork şäherinde geçiren duşuşygynda esasylaryň biri boldy.

Söhbetdeşler ýokary we iň ýokary derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň depginli ösüşiniň we özara ynamy pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýandygy nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar şu ýylyň mart aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrylan saparyň hem-de onuň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşygynyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ösüşine goşmaça itergi berendigini bellediler.

Şeýle hem şu ýylyň aprel aýynda HKP MK-nyň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan tarapyndan Türkmenistana amala aşyrylan saparyň ähmiýeti nygtaldy. Saparyň dowamynda, ilkinji nobatda energetika ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, innowasion-tehnologik hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi gözden geçirildi.

Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçiriljek «BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherine iş saparynyň çäklerinde geçirildi.