744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
28.05.2026
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri baý­ram na­ma­zy­ny oka­dy we gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny ber­di

27-nji maýda türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyp­jak­da­ky Türk­men­ba­şy­nyň ru­hy met­ji­din­de Gur­ban baý­ra­my­nyň baş­lan­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan baý­ram na­ma­zy­ny oka­dy we Arkadag şä­he­rin­dä­ki tä­ze met­ji­diň gur­lu­şyk iş­le­ri bi­len tan­şyp, bu şä­her­de gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny ber­di.

Ir­den Gahryman Arkadagymyz Gyp­jak­da­ky Türk­men­ba­şy­nyň ru­hy met­ji­di­ne gel­di. Bu ýe­re Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry, köp san­ly da­şa­ry ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry ýyg­nan­dy­lar.

Ha­jy Arkadagymyz hem­me­ler bi­len mä­hir­li gör­şüp, bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ry mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my­nyň baş­la­ma­gy bi­len gut­la­dy we üç gü­nüň do­wa­myn­da edil­jek do­ga-di­leg­le­riň, be­ril­jek sa­da­ka­la­ryň Be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­ma­gy­ny ar­zuw­lap, met­ji­diň içi­ne gir­di.

Se­bit­de iň uly met­jit­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýan Türk­men­ba­şy­nyň ru­hy met­ji­din­de baý­ram na­ma­zy okal­dy. Baý­ram na­ma­zy oka­lan­dan soň­ra, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, do­ga-di­leg­le­riň Be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­ma­gy­ny di­leg et­di. Soň­ra Hajy Arkadagymyz Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry we da­şa­ry ýurt­ly dip­lo­mat­lar bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň il­kin­ji Prezidenti Sa­par­my­rat Ny­ýa­zo­wyň aram ta­pan ýe­ri­ne ta­rap ug­ra­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň il­kin­ji Prezidentiniň we onuň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň aram ta­pan ýe­rin­de aýat okal­dy.

Soň­ra Gahryman Arkadagymyz mu­sul­man ýurt­la­rynyň dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan çä­rä iş­jeň gat­naş­ýan­dyk­la­ry üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di we hem­me­ler bi­len hoş­la­şyp, bu ýer­den ug­ra­dy.

Soňra Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şä­he­ri­niň 30 müň orun­lyk met­ji­di­niň gur­lu­şy­gy­nyň al­nyp ba­ryl­ýan ýe­ri­ne gel­di. Bu ýer­de Gahryman Arkadagymyz mä­hir­li gar­şy­la­nyl­dy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýer­de il­çi­ler, şeý­le-de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry bi­len söh­bet­deş bol­dy.

Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da Ha­jy Arkadagymyz ýur­du­myz­da Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da met­jit­le­riň gur­lu­şy­gy­na giň­den ba­dal­ga ber­len­di­gi­ni, hä­zir­ki dö­wür­de bol­sa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da Di­ýa­ry­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de dür­li mak­sat­ly bi­na­la­ryň, şol san­da met­jit­le­riň gur­lu­şy­gy­nyň yzy­gi­der­li do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. «Bu iş­le­riň äh­li­si adam­zat ta­ry­hy­nyň bü­tin do­wa­myn­da pa­ra­hat­çy­lyk, dost­luk, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly bo­lan hal­ky­my­zyň ga­dy­my­ýet­den gel­ýän, dur­muş ka­da­la­ry­na esas­lan­ýan hem-de hä­zir­ki eý­ýa­myň ru­hy bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýan me­de­ni däp­le­ri­ne, ýo­ka­ry ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­my­za, asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze üýt­gew­siz yg­rar­ly­dy­gy­my­za şa­ýat­lyk ed­ýär» di­ýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýt­dy.

Soň­ra Türkmenistanyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy met­ji­diň baş bi­na­sy­nyň içi­ne gir­di. Bu ýer­de tä­ze şä­her­de Gahryman Arkadagymyzyň ozal be­ren mas­la­hat­la­ryn­dan ugur al­nyp, met­ji­diň gur­lu­şyk iş­le­ri­niň dep­gi­ni­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da edil­ýän ta­gal­la­lar, onuň iç­ki be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry, gur­lu­şyk­da we be­zeg iş­le­rin­de ula­nyl­ýan se­riş­de­le­riň gör­nüş­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat be­ril­di. Şeý­le-de türkmen halkynyň Milli Lideri şe­kil taslamalary bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Gör­ke­zil­en şe­kil taslamalarynyň ha­ta­ryn­da met­ji­diň içer­ki ýy­la­dyş ul­ga­my­nyň, na­maz­lyk­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri, ka­şaň bi­na­nyň di­war­la­ryn­da ýer­leş­di­ril­jek ýaz­gy­lar, mi­na­ra­la­ryň öz­bo­luş­ly­ly­gy, mer­mer dü­şek­le­riň we met­ji­diň ha­ly dü­şek­le­ri­niň gör­nüş­le­ri, mäh­ra­byň be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly taslamalar we ola­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry bar.

«Akyl­ly» şä­he­riň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň dep­gi­ni­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň, şun­da met­ji­diň gur­lu­şyk iş­le­rin­de ýo­ka­ry hil de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi­niň mö­hüm ta­lap hök­mün­de kes­git­le­nen­di­gi­ni aý­dyp, Ha­jy Arkadagymyz äh­li iş­le­riň öz wag­tyn­da ta­mam­lan­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di we bu ba­bat­da mas­la­hat­la­ry­ny ber­di. Şun­da bi­na­la­ryň ýa­na­şyk ýer­le­ri­niň aba­dan­laş­dy­ryl­ma­gy­na, şä­her­de ýo­ka­ry eko­lo­gik ýag­da­ýyň sak­lan­ma­gy­na ze­rur äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da il sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ryň iş­jeň gat­naş­mak­la­ryn­da milli aňy­ýe­tiň pug­ta­lan­dy­ry­lan­dy­gy­ny, yla­hy­ýet fa­kul­te­ti­niň açy­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Şol ugur­dan en­çe­me ýaş­lar bi­lim al­dy. Şol ýyl­lar­da ýur­du­myz­da il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da Kö­şü­de arap do­gan­la­ry­my­zyň bi­na et­me­gin­de «Şehitler» met­ji­di gu­rul­dy. Türk do­gan­la­ry­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da Är­tog­rul Gazy met­ji­di bi­na edil­di. Gahryman Arkadagymyz Gök­de­pe met­ji­di­niň hem gur­lan­dy­gy­, Gyp­jak­da­ky baş met­ji­diň ulan­ma­ga ber­len­di­gi­ we gur­lu­şyk­çy­la­ry­my­zyň tej­ri­be­si­niň art­ma­gy bi­len, paý­tag­ty­myz­da hem-de we­la­ýat­lar­da öz ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan met­jit­le­riň gur­lan­dy­gy ba­ra­da mag­lu­mat­la­ry be­ýan et­di. Türkmenistanyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy bu gün bol­sa döw­re­bap Arkadag şä­he­rin­de 30 müň orun­lyk met­ji­diň gu­rul­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, onuň gur­lu­şy­gy ba­bat­da bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ryň tek­lip­le­ri ýa-da pi­kir­le­ri bar bol­sa, ola­ra se­ret­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Gahryman Arkadagymyz hä­zir­ki wagt­da met­ji­diň be­zeg iş­le­rin­de ula­nyl­ýan dür­li se­riş­de­le­riň, mer­mer daş­la­ryň ýa­kyn goň­şy we dost­luk­ly döw­let­ler­de ön­dü­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyp, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ha­ýyr iş­le­riň amal bol­ma­gy­na öz­bo­luş­ly go­şant­dy­gy­ny, mu­nuň ag­zy­bir­lik­den, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­rin­den ny­şan­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le­lik­de, Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýa­kyn gat­na­şyk­la­ry­my­zyň ne­ti­je­sin­de hyz­mat­daş­ly­gy­myz tä­ze de­re­jä çyk­dy. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da äh­lu­mu­my ösü­şiň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len asyl­ly iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne her bir ada­myň my­na­syp go­şant goş­ma­gy wa­jyp­dyr. Mu­kad­des Gur­ban aýyn­da bol­sa parz iş­le­ri ber­jaý et­mek her bir ra­ýa­tyň jem­gy­ýe­tiň öňün­dä­ki ru­hy we ah­lak bor­ju­dyr.

Soň­ra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow met­ji­diň da­şy­na çy­kyp, bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry, da­şa­ry ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len gür­rüň­deş bol­dy.

Dip­lo­mat­lar ys­lam dün­ýä­si­niň mu­kad­des baý­ra­my bo­lan Gur­ban baý­ra­myn­da so­gap iş­le­riň ber­jaý edil­jek bi­na­sy­na ge­lip, Ha­jy Arkadagymyz bi­len bi­le­lik­de gur­lu­şyk iş­le­ri bi­len ta­nyş­ma­gyň öz­le­ri üçin uly hor­mat­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Olar bu ýe­re gel­mä­ge hem-de ýag­şy des­sur­la­ra da­hyl­ly bol­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly ha­jy Serdarymyza tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler. Şeý­le hem olar saz­la­şyk­ly ösüş ýo­lu­na dü­şen Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ös­dü­ril­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­mak ug­run­da ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­ma­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy­lar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gur­ban baý­ra­my­nyň ag­zy­bir­li­giň, je­bis­li­giň baý­ra­my­dy­gy­ny, ony ýa­kyn dost­lar, do­gan­lyk halk­lar bi­len bi­le­lik­de da­ba­ra­lan­dyr­ma­gyň türk­men hal­ky­na mah­sus ýö­rel­ge­le­riň bi­ri­di­gi­ni bel­läp, hem­me­le­re min­net­dar­lyk bil­dir­di. Gahryman Arkadagymyz ola­ry Arkadag şä­he­ri­niň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýän «Mär­kaw» myhmanhanasynda ber­jek gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­na gat­naş­ma­ga ça­gyr­dy we bu ýer­den ug­ra­dy.

Ha­jy Arkadagymyz gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­nyň berilýän bi­na­syn­da özi üçin taý­ýar­la­nan ýe­re ge­çip, bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ryň hem­me­si­ni mu­kad­des baý­ram bi­len gut­la­dy.

«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap ýur­du­myz­da milli däp-des­sur­la­ry­my­zy ber­jaý et­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Ra­ýat­la­ry­myz mu­kad­des ýer­le­re zy­ýa­rat edip, met­jit­le­re ba­ryp, do­ga-di­leg ed­ýär­ler. Gur­ban baý­ra­my­nyň bel­le­nil­ýän aýyn­da hem ra­ýat­la­ry­my­zyň 3 mü­ňe go­la­ýy ys­lam dün­ýä­si­niň mer­ke­zi bo­lan Mek­ge şä­he­rin­dä­ki ke­ra­mat­ly Kä­bä zy­ýa­rat edip, haj par­zy­ny ber­jaý ed­ýär­ler. Yn­ha, Gur­ban baý­ra­my­nyň bi­rin­ji gü­nün­de Arkadag şä­he­rin­de si­ziň bi­len gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­na gat­naş­ýa­rys» di­ýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sö­ze baş­la­dy. Gahryman Arkadagymyz hem­me­le­ri Gur­ban baý­ra­my bi­len ýe­ne-de bir ge­zek gut­lap, ola­ryň gur­ban­lyk sa­da­ka­la­ry­nyň, do­ga-di­leg­le­ri­niň ka­bul bol­ma­gy­ny di­leg et­di. Şeý­le-de Hajy Arkadagymyz türk­men hal­ky­nyň gur­sa­gy Al­la­ly halk­dy­gy­ny bel­le­di.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Ys­lam di­ni­niň gym­mat­lyk­la­ry bi­ziň öň­den gel­ýän türk­men­çi­lik däp­le­ri­miz bi­len berk bag­ly­dyr. Bi­ziň ýo­lu­myz hal­kyň ýo­lu­dyr. Hal­kyň ýo­ly bol­sa Ha­kyň, ha­ky­ka­tyň ýo­lu­dyr» di­ýen söz­le­rin­den soň­ra, Ahal we­la­ýa­ty­nyň yma­my te­bä­rek çyk­dy. Ol Ha­jy Arkadagymyzyň be­rýän sa­da­ka­sy­nyň ka­bul bol­ma­gy­ny di­leg et­di. Gur­ban­lyk sa­da­ka­syn­da türk­men hal­ky­nyň adam­da päk­lik, asyl­ly­lyk, yn­san­per­wer­lik hem-de kämillige ym­ty­lyş ýa­ly hä­si­ýet­le­riň ke­ma­la gel­me­gi­ne ýar­dam ed­ýän, ga­dym­dan gel­ýän ru­hy-ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi, me­de­ni-ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­nyň do­wa­ma­ta ata­ryl­ma­gy, ýur­du­myz­da öten-ge­çen­le­re hor­mat goý­mak, hoş­ni­ýet­li­lik, we­pa­ly­lyk ýa­ly asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň ber­ka­rar bol­ma­gy ugrun­da yzy­gi­der­li ta­gal­la ed­ýän Ha­jy Arkadagymyzyň we Arkadagly Ha­jy Serdarymyzyň jan­la­ry­nyň sag, ömür­le­ri­niň uzak bol­ma­gy, ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň ber­ka­rar bol­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len be­ýik iş­le­ri­niň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi di­leg edil­di.

Soň­ra sa­da­ka gat­na­şy­jy­la­ra na­har çe­kil­di. Na­har­dan soň, asyl­ly dä­be gö­rä, aýat-tö­wir okal­dy.

Soň­ra türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy ha­jy Arkadagymyz gur­ban­lyk sa­da­ka­syn­da oka­lan aýat­la­ryň, edi­len do­ga-di­leg­le­riň Al­la­ta­ga­la­nyň der­gä­hin­de ka­bul bol­ma­gy­ny di­leg edip, hem­me­le­re sa­da­ka gat­na­şan­dyk­la­ry üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. Milli Liderimiz ýyg­na­nan­la­ra alyp bar­ýan asyl­ly iş­le­rin­de mun­dan beý­läk-de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw edip, bu ýer­den ug­ra­dy.