Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanyna saparynyň dowamynda iki ýurduň arasynda nebit-gaz we himiýa, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär. Saparyň barşynda türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Energetika ministrliginde gepleşikleri geçirdi. Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow bilen Saud Ösüş Gaznasynyň ýerine ýetiriji müdiri Sultan Al Marşadyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Saud Ösüş Gaznasy tarapyndan Türkmenistandaky durmuş taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň “Saudi Arabia Global Pipeline Company”şereketiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.