744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
25.10.2023
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahaty öz işine başlady

Şu gün günüň ikinji ýarymynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahaty öz işine başlady. Foruma gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan özüniň tebigy baýlyklaryny türkmen halkynyň, şeýle-de beýleki sebitleriň halklarynyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar we bu babatda netijeli işleri amala aşyrýar. Dünýäde uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýän ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümçiliklerine ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryny, enjamlaryny ornaşdyrmak hem-de nebitgaz senagatynda ekologik howpsuzlygy üpjün etmek esasy talap bolup durýar. Ýokary derejede geçirilýän halkara forum daşary ýurtly gatnaşyjylary ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollaryny we ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň usullary bilen tanyşdyrar. Ol bu ugurda işleýän hünärmenleriň arasynda uly gyzyklanma döreder. Şeýle duşuşyklar özara gatnaşyklaryň has netijeli ýollaryny gözlemekde, göni gepleşikleri geçirmekde möhümdir. Netijeli gepleşikler bolsa Türkmenistanyň baý ýangyç-energetika serişdelerini özleşdirmäge we rejeli ulanmaga gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalara ýol açýar. Forumyň umumy mejlisi ählumumy energetikanyň geljegine bagyşlandy. Ilkinji bolup çykyş eden «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň gazananlary barada gürrüň berdi. Soňra SOCAR kompaniýasynyň prezidenti Rowşan Najaf ählumumy energetikanyň geljegi barada pikirlerini paýlaşdy, onlaýn görnüşde CNPC kompaniýasynň prezidenti Hou Sizýun çykyş etdi. OGT-2023 umumy mejlisiň barşynda şeýle hem halkara guramalarynyň, iri milli we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Umumy mejlisiň moderatory bolup ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon Makgregor çykyş etdi. Forumyň gün tertibine iň baý tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, energiýa bazarlaryny ösdürmek we maýa goýum işlerini ösdürmek, täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod gaýtadan işlemek, nebit himiýa, gaz himiýasy, himiýa senagaty we elektrik energiýasy, ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň ornaşdyrylmagy, innowasiýa tehnologiýalarynyň we ösen ösüşleriň we mundan başga-da köp sanly möhüm meseleler girýär. Maslahata Azerbaýjan, Gazagystan, Türkiýe, ABŞ, Russiýa Federasiýasy, BAE, Hytaý, Ýaponiýa, Malaýziýa, Beýik Britaniýa, Italiýa, Kipr, Ispaniýa, Germaniýa, Şweýsariýa, Singapur ýaly 30 ýurtdan hökümet edaralaryndan we halkara guramalaryndan, şeýle hem 50 kompaniýadan wekiller gatnaşýar. Ertir halkara forum öz işini dowam eder.