744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
26.10.2023
BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy Türkmenistanyň uglerod bitaraplygy boýunça maksatlaryny goldaýar

BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy (BMG ÝYK) Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Metan boýunça ählumumy borçlulyga goşulmagyny öwrenmek boýunça 2023-2024-nji ýyllarda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Ýol kartasyny tassyklamagyny goldaýar. Bu barada BMG-niň ÝYK-nyň durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti Aşgabatda çarşenbe güni öz işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023» Halkara maslahatynyň umumy mejlisiniň açylyşynda eden çykyşynda belledi. Dario Liguti Türkmenistany 2024-nji ýylyň 18-20-nji martynda Ženewada geçiriljek metan boýunça ählumumy foruma gatnaşmaga çagyrdy. Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýada metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça çäreleri maslahatlaşmak üçin tegelek stol geçirmek meýilleşdirilýär. Forum metan zyňyndylaryna garşy göreşmekde işleri wagyz etmeklige we metan zyňyndylaryny azaltmakda ösüş gazanmaga gönükdirilen tagallalary birleşdirmeklige gönükdirilendir. Çäre BMG-niň ÝYK we Ählumumy Metan merkezi we Arassa klimat we arassa howa birleşigi bilen hyzmatdaşlykda Metan boýunça ählumumy Başlangyç tarapyndan guralar. Liguti öz çykyşynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan işlenip düzülen esasy döwlet maksatnamalaryna üns çekdi. Onuň aýtmagyna görä, BMG-niň ÝYK bu kadalaşdyryjy hukuk namalaryny durmuşa geçirmek, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar üçin hyzmatdaşlyk etmäge şertleri döretmek üçin Türkmenistan bilen özara gatnaşyk etmäge taýýar. Şu nukdaýnazardan özara gatnaşykdaky iki sany ulgam bilelikdäki tagallalar we hyzmatdaşlyk üçin esasy ugur bolup biler. BMG-niň ÝYK-nyň wekili bu ýokary maksatlar ýurduň durmuş taýdan ösüşiniň geljegini üpjün eder.