Penşenbe güni Ankara şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär. Ikiçäk we iki ýurduň wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki geçirilen duşuşygyň dowamynda doganlyk döwletleriň Baştutanlary dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda alnyp barylýan döwletara gatnaşyklary has-da giňeltmek babatda pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanlary energetika, ulag, maýa goýumlary, ýokary tehnologiýalar ugurlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns berdiler. Biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady ugurda özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy alyp barýarlar diýip, hormatly Serdar Berdimuhamedow gatnaşyklaryň ileri tutulýan bu ulgamyny, hususan-da, energetika, ulag, maýa goýumlar, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlary mundan beýläk-de ösdürmäge, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işe girizmäge, söwda dolanyşygyny deňagramly görnüşde ýokarlandyrmaga türkmen tarapynyň taýýardygyny beýan etdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini nygtap, däp bolan esasy ugurlar bilen bir hatarda, maýa goýumlar, gaz we himiýa senagaty, obasenagat toplumy, daşky gurşawy goramak, täze tilsimatlar, syýahatçylyk, işewürlik gatnaşyklary babatda we beýleki möhüm pudaklarda özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maksadalaýykdygyny aýtdy. Giňeldilen düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Türkiýä amala aşyrylýan saparyň çäklerinde şu gün geçirilen gepleşikler dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda örän netijeli häsiýete eýe boldy. Hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, özara gyzyklanma bildirilýän möhüm sebit we halkara meseleler boýunça pikir alşyldy. Dostluk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga özara taýýarlyk tassyklanyldy. Duşuşyklaryň dowamynda sebit we halkara syýasatyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýän meselelere, hususan-da, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer häsiýetiniň ýokarlandyrylmagy ýaly mowzuklara üns berdik diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalary güýçlendirmegiň wajypdygy bellenildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar babatda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy. Gepleşiklerde iki ýurduň haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň möhümdigi bellenildi, şeýle hem bu ugurda bar bolan uly mümkinçilikler, olary herekete geçirmegiň ýollary barada pikir alşyldy. Mundan başga-da, türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň Hazar deňziniň üsti bilen Türkiýä iberilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti gepleşikleriň netijelerini teswirläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň wekiliýetini Ankarada kabul etmäge örän şatdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, häzirki saparyň Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet Baştutany hökmünde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan ilkinji resmi saparydygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm başlangyçlary öňe sürýär diýip, türk Lideri aýtdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.