744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
27.10.2023
«Türkmengaz» 2023-nji ýylda Russiýa, şertnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, 5 mlrd kub metr gaz iberer

“Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşylan şertnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, 2023-nji ýylda Russiýa, takmynan, 5 mlrd kub metr türkmen gazynyň iberilmegine garaşylýar. Bu barada žurnalistlere “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Aşgabatda geçirilen OGT – 2023 sergisiniň jemi boýunça metbugat konferensiýasynda aýtdy. “Şertnama esasynda ýylda, takmynan, 5 mlrd kub metr üpjünçilik mukdary göz öňünde tutulýar. Türkmen tarapy şertnama boýunça öz üstüne alan borçnamalarynyň çäginde olary ýyldan ýyla doly ýerine ýetirýär. Şertnama doly möçberde amala aşyrylýar we şu ýyl hem türkmen tebigy gazynyň Russiýa Federasiýasyna eksportynyň göz öňünde tutulýan mukdary 5 mlrd kub metr” – diýip, Arçaýew aýtdy. “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti türkmen tebigy gazyny Russiýa ibermek barada 2019-njy ýylda 5 ýyl möhlet bilen şertnama baglaşdy. Şertnama 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket eder.