Geçen şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Amanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynyň düzüm böleklerinde, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet konserniniň önümçilik desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Şu maksatlar bilen, meýilnama laýyklykda, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň tehnologik enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de bu kärhananyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça degişli çäreler geçirilýär. Şeýle-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda innowasion tehnologiýalar esasynda gurlan elektrik energiýasyny öndürýän täze desgalary ulanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Prezident hasabaty diňläp, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işjeňliginiň ýokarlandyrylmalydygyna, zawodyň degişli desgalaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutany Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gurlan elektrik energiýasyny öndürýän iki sany gaz turbina desgasynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.