744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
30.10.2023
OGT 2023 Halkara forumynyň gatnaşyjylaryna alty ugur boýunça baýraklar gowşuryldy

25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023» (OGT 2023) Halkara sergisi we maslahaty Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň iň iri hem üstünlikli çäreleriniň biri boldy. Forum 700-den gowrak milli we daşary ýurt wekillerini, 400-den gowrak kompaniýalary we 10 müň töweregi sergä gatnaşyjylary özüne çekdi. Anna güni, maslahatynyň soňky gününde, foruma gatnaşyjylary alty ugur boýunça sylaglamak dabarasy geçirildi: Excellence in Energy Award, Best Moderator Award, Excellence in Catering Services, Outstanding Contribution as a Knowledge Partner, Distinguished Excellence in Technical Panel Hosting, Exhibition Excellence Award. Excellence in Energy Award baýragyna energetika ulgamynda gazananlary üçin Socar, Dragon Oil, CNPC, Pel Limited, Auguste International, Çalik Enerji, Daewoo E&C Branch in Ashgabat, Baker Hughes, Yug-Neftegaz, Hyundai Engineering, Mitro International limited, Buried Hill, ENI Turkmenistan Limited, Schlumberger, NAPECO, LX International, Sewertransnerud kompaniýalary mynasyp boldy. Maslahatyň iň gowy moderatory diýlip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy ilçi Jon Makgregor yglan edildi. Jemgyýetçilik iýmiti ulgamynda iň gowy hyzmat — Excellence in Catering Services baýragyna Gul Zaman we Arassa Deniz restoranlary mynasyp boldy. Outstanding Contribution as a Knowledge Partner — bilimler boýunça hyzmatdaş hökmünde goşandy üçin baýragyna S&P Global Commodity Insights kompaniýasynyň analitika boýunça ýolbaşçysy Kler Godar mynasyp boldy. S&P forumyň guramaçylaryna onuň gün tertibini düzmekde we ýokary derejeli çykyş edýänleri çagyrmakda ýardam etdi. Distinguished Excellence in Technical Panel Hosting — tehniki panelleriň hostinginde goşandy üçin baýragyna SPE – Society of Petroleum Engineers kompaniýasy mynasyp boldy. Exhibition Excellence Award — OGT 2023-de pawilýonynyň iň owadan dizaýny üçin 70 kompaniýanyň içinden saýlanan iki sany kompaniýa mynasyp boldy — Petronas malaýziýa we Söwda Gurluşyk Maslahaty türkmen kompaniýasy.