Türkmenistan we Pakistan TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny tizleşdirmek boýunça gepleşikleri dowam etdirer diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Bu barada ylalaşyk Türkmenistanyň wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradowyň Pakistanyň Daşary işler ministri Jalil Abbas Jilani bilen duşuşygynda gazanyldy. Duşuşyk 26-njy oktýabrda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde ŞHG-niň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň çäginde geçirildi. Taraplar Türkmenistan — Pakistan hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we onuň mundan beýläkde ösdürmegiň ýollary barada pikir alyşdylar. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji liniýalar we optiki-süýümli aragatnaşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi tutuş sebitiň sosial-ykdysady we gurluş taýdan ösüşine täze itergi berjekdigi nygtaldy. TOPH-nyň owgan böleginde işiň depginini ýokarlandyrmak boýunça goşmaça gepleşikler geçirmek teklip edildi. Jilani iki ýurduň arasynda dürli ugurlardaky ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, taryhy we medeni umumylyga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi. Mundan başga-da, Söwda-ykdysady ugurda bar bolan kuwwatlyklary netijeli peýdalanmak we özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak üçin ähli gurallary ulanmagyň zerurdygy bellenildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugynda habar berildi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna nebit we gaz pudagy, energiýa we beýlekiler girdi. Şunuň bilen baglylykda, Bilelikdäki Türkmen-Pakistan hökümetara iş toparynyň işiniň möhüm orny nygtaldy.