744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
31.10.2023
HNGU-nyň Wodorod energetikasy merkezinde suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjy alyndy

Türkmenistanyň alymlary ilkinji bolup suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjyny aldylar. Bu barada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wodorod energetikasy merkeziniň direktory Hakberdi Hoşdurdyýew 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçen «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023» Halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi. Hakberdi Hoşdurdyýewiň çykyşynda belleýşi ýaly, wodorod energetikasy merkeziniň barlaghanasynda suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjyny almak boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar, tejribe desgasyny ulanmak boýunça usuly gollanma taýýarlanylýar. Otag temperaturasynda we kadaly atmosfera basyşynda geçirilen barlaglaryň netijeleri boýunça elektroliziň reaksiýasy oňyn netije berdi — diýip, wodorod energetikasy merkeziniň direktory belledi. Belläp geçmeli zatlaryň biri hem, maslahatyň barşynda energiýanyň ekologiýa taýdan arassa görnüşiniň çeşmesi hökmünde wodorod ýangyjyna aýratyn üns berildi. Bilermenleriň bellemegine görä, häzirki wagtda howanyň üýtgemegi meselesini çözmekde geljegiň ýangyjy bolan wodorod wagyz edilýär. Senagat önümçiliginde bug gazlaryny emele getirmezden ýylylyk bilen üpjün edip bilýär, çünki wodorodyň ýylylyk bölüjiligi ýangyjyň beýleki görnüşlerinden 3 esse ýokarydyr. Mundan başga-da, energiýa toplaýjy hökmünde ulanyp bolýar. Şeýle hem energetika tehnologiýalarynyň infrastrukturasyndaky innowasiýalar mynasybetli wodorod barha täze bazarlary özleşdirip başlady. Munuň üçin energetika toplumynda bar bolan meseleleri çözmäge ukyply hünärmenler zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň mejlislerinde ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak, şol sanda nebitgaz pudagyny ösdürmekde ylmy-barlaglaryň we tejribe gurnaýyş işleriniň geçirilmegiň zerurlygy bellenildi.