744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
02.11.2023
Türkmenistan we Özbegistan 2023-2024-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk «Ýol kartasyna» gol çekdiler

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri R.Meredow we B.Saidow 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna (“Ýol kartasyna”) gol çekdiler. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Resminama gol çekmek dabarasy 1-nji noýabrda “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň Daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisiniň çäginde geçirildi. “Ýol kartasy” Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda ýokary derejeli saparlaryň dowamynda gazanylan şertnamalaryň we ylalaşyklaryň amaly taýdan ýerine ýetiriliş möhletini kesgitlemek üçin işlenilip düzüldi. Resminama, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda bilelikdäki hereketleri hem-de energetika, ulag-logistika, şeýle hem suw hojalygy pudagy we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlary göz öňünde tutýar.