744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
03.11.2023
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana bardy

Anna gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapar bilen bardy diýip, TDH habar berýär. Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Gazagystan Respublikasynyň we ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar. Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar türkmen-gazak özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary barada pikir alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada açylan Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz sammitde Aşgabadyň Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek baradaky pikirini beýan etdi. 2021-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde goşuldy we häzirki wagtda türkmen tarapynyň Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşigine girmegi bilen bagly degişli işler geçirilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň Ýaşulular Geňeşiniň agzasy bolup durýar we bu düzümiň işine işjeň gatnaşýar.