744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
09.08.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Singapuryň ýolbaşçylaryny Respublikanyň Milli güni mynasybetli gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti jenap Tarman Şanmugaratnama, Premýer-ministri Lourens Wonga we ýurduň halkyna Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda Türkmenistanyň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini belläp, iki ýurduň arasynda ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek we ösdürmek üçin bilelikdäki işe taýýardygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Tarman Şanmugaratnama we Premýer-ministr Lourens Wonga tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Singapuryň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi