744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
21.10.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji oktýabrda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz Serhetabat şäherinden awtoulagda Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Rabat-Sangi etrabynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk meýdançasyna bardy. Türkmen halkynyň Milli Liderini ýurdumyzyň hem-de Owganystanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Soňra bu ýerde dabaraly mejlis geçirildi. Gahryman Arkadagymyz şanly waka mynasybetli dabara gatnaşyjylara taryhy çykyş bilen ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, türkmen tebigy gazynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak hem-de daşarky bazarlara ygtybarly ibermek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan täze, halkara ähmiýetli gaz geçirijileri çekmek babatda alnyp barylýan işleriň hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýokarda agzalan taslamany durmuşa geçirmek üçin berk maddy-enjamlaýyn binýat döredildi we 200-den gowrak täze, häzirki zaman kuwwatly tehnikalar bilen üpjün edildi diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu taslamanyň gurluşygyna owgan raýatlary hem işe çekiler we onuň doly durmuşa geçirilmegi bilen owgan halky üçin täze iş orunlary dörär. Her ýyl Owganystana ortaça 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişdeler gelip gowşar. Munuň özi diňe bir türkmen-owgan gatnaşyklaryna däl, tutuş sebite hem öz oňyn täsirini ýetirer.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryna ak pata berdi.

Şeýlelikde, Milli Liderimiziň Owganystana amala aşyran sapary Türkmenistanyň sebitde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlydygyny görkezdi. Häzirki wagtda türkmen-owgan gatnaşyklary özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup, diňe bir iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbitlerine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde durnukly ösüşi pugtalandyrmaga hem saldamly goşant goşýar.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti