744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
22.10.2025
«Türkmengaz» DK we PETRONAS hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy goldadylar

«Türkmengaz» Döwlet konserniniň ýolbaşçylygy we Malaýziýanyň PETRONAS kompaniýasynyň wekiliýeti Aşgabatda ileri tutulýan ugurlary, özara gyzyklanma döredýän meseleleri, şeýle hem mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyk geçirdiler.

«Türkmengaz» DK-nyň başlygy Maksat Babaýew Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky esasy halkara hyzmatdaşlarynyň biri bolan wekiliýeti kabul etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar dowam edýän bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge we köpýyllyk strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze ösüş nokatlaryny gözlemäge aýratyn üns berdiler.

Taraplar dünýä energetika bazarlaryndaky häzirki ýagdaý barada pikir alyşdylar we Türkmenistanyň energetika pudagynyň durnukly ösüşinde özara gyzyklanmany tassykladylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň halkara habarlar portaly