744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
01.12.2025
Dekabr aýynda Türkmenistan birnäçe ýokary derejeli çäreleri geçirer

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa 28-nji noýabrda hökümetiň mejlisinde şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we açylyp ulanmaga beriljek medeni-durmuş maksatly binalaryň Tertibi barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, geljek aýyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. 12-nji dekabrda bolsa «Abadançylyk» we Bitaraplyk binalaryna gül goýmak dabaralarynyň, medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda baýramçylyk konsertleriniň, Bitaraplyk binasynda şanly sene mynasybetli baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Dekabr aýynyň dowamynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäresiniň, estrada, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. 31-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde, Arkadag şäherindäki «Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdançada, welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda Täze ýyl teleköprüsiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dekabr aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, ulanmaga beriljek binalaryň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýtdy.