744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
02.12.2025
«Türkmennebit» döwlet konserniniň burawçylary Uzynada käninde üç guýynyň gazuwyny tamamlady

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň hünärmenleri Balkan welaýatynyň çägindäki Uzynada baýlyklar käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlady. Guýulardan senagat möçberinde uglewodorod çig maly alyndy.

Trestiň maglumatynda bellenilişi ýaly, «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň toparlary känlerde taslama çuňlugy 6800 metr bolan 72-nji we 86-njy ulanyş guýularynda degişlilikde 6720 we 6785 metr çuňluklara çenli buraw işlerini ýerine ýetirdiler. Bu guýulardan bir gije-gündizde täk-täk 44 we 43 tonna golaý gaz kondensaty hem-de 20 müň we 18 müň kub metr tebigy gaz çykarylýar.

«Ekerem» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri hem Uzynadada ýerleşýän 87-nji ulanyş guýusynyň gazuwyny üstünlikli tamamlanandygyny habar berdiler. Taslama çuňlugy 6800 metr bolan bu guýudan hem senagat derejeli uglewodorod akymy alyndy. Guýy häzir bir gije-gündizde 45 tonnadan gowrak gaz kondensatyny we 45 müň kub metr «mawy ýangyjy» berýär.

Tehniki-sazlaýyş işleriniň tamamlanmagyndan soň, täze önümli guýular «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirligine ulanyşa berildi.