744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
04.12.2025
Türkmenistanda Döwlet howpsyzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow 3-nji dekabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu ýygnakda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy.

Şeýle-de, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly möhüm meseleler jikme-jik maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň we halkara çäreleriň geçirilýän döwründe howpsuzlygy, jemgyýetçilik tertibini örän ýokary derejede saklamagyň zerurlygyny nygtady. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramynyň golaýlap gelýändigini nazara alyp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň esasy talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça yzygiderli işleriň amala aşyrylýandygyny we bu işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini aýratyn belledi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permanlara hem-de Karara gol çekdi.

Şeýle-de, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak, olara hünär derejelerini bermek hakyndaky Permana hem gol çekdi.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti