744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
06.12.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 5-nji dekabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.

Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek, täze kanunlary işläp taýýarlamak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 27-si we Mejlisiň kararlarynyň 20-si kabul edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow şu ýylyň on bir aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 109 göterim ýerine ýetirildi. Şunuň bilen bir hatarda, polipropilen, çalgy ýaglaryny öndürmek, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda 2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 114,4 göterime deň boldy. Häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär.

Wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 105,2 göterim berjaý edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 119,3 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,4 göterime barabar boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli medeni çärelerdir dabaralar geçirildi. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlendi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, okuwçy we talyp ýaşlar halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp boldular. Degişli ýokary okuw mekdepleri tarapyndan halkara ylmy-amaly, okuw-usuly maslahatlaryň, halkara olimpiadalaryň birnäçesi guramaçylykly geçirildi. Hasabat döwründe “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda işler dowam etdirilip, amaly lukmançylyga öňdebaryjy usullar ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar, bejergiler amala aşyryldy. Şeýle hem bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary halkara ýaryşlara gatnaşyp, jemi 876 medala mynasyp boldular.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Daşary işler ministrligi tarapyndan şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz Ýaponiýa, Russiýa Federasiýasyna, Mongoliýa, Hytaý Halk Respublikasyna, Täjigistan Respublikasyna, Italiýa Respublikasyna, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Özbegistan Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna saparlary amala aşyrdy. Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Fransiýa Respublikasyna, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna we Owganystana saparlary boldy.

Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana amala aşyran 770 sapary, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran 1 müň 226 sapary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Wise-premýer Mämmethan Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 105,9 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 115,4 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 110,8 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 103,1 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 119,3 göterime deň boldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň uly üstünliklere eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, halkymyzyň baýramçylygy dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin, 2025-nji ýylyň 11-12-13-nji dekabry günlerini iş güni däl diýip yglan etdi we degişli Permana gol çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti