744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
06.12.2025
Türkmenistanda 11 aýda oňyn makroykdysady görkezijiler gazanyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 5-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde şu ýylyň on bir aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,7 göterime, gurluşykda 8,1 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10 göterime, söwdada 9,7 göterime, oba hojalygynda 7 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,4 göterime deň boldy.

Şu ýylyň on bir aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 100,5 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,6 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,8 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçilik etmegi, bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary bermegi tabşyrdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti