Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 6-njy dekabrda welaýatlaryň häkimleriniň, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz iş kesilen 231 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi hem-de toparyň ýolbaşçysyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün 2025-nji ýylda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna degişli alnyp barlan işleriň jemleriniň jemlenjekdigini, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň we geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol, döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde eden çykyşynda öňe süren teklipdir başlangyçlary hem ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendigini aýtdy. Türkmen diplomatlary olary döwletimiz tarapyndan BMG we beýleki halkara düzümler bilen bilelikde iş ýüzünde amala aşyrarlar.
Meredow hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işlerine aýratyn üns berýändigini, bu gulluga hemmetaraplaýyn ýardam edýändigini, hususan-da, onuň guramaçylyk, hukuk, maliýe we maddy-tehniki binýadyny kämilleşdirmek, işgärleriň iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda yzygiderli goldaw berýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyza diplomatik gullugyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geljek ýylda hem köp sanly halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigine ünsi çekdi. 2026-njy ýylda ýurdumyzyň baş baýramy — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy giňden bellenip geçiler. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygy Türkmenistanda geçiriler. Geljek ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk eder. Ýurdumyzda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi guralar.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda Karara, şeýle-de ýurdumyzyň raýatlaryny hem-de daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Gahrymany A.Ataýewa söz berildi. Ol, döwlet Baştutanymyzyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşmagy 2025-nji ýylyň möhüm wakalarynyň biri bolandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili döwlet baştutanymyzyň başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlary hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.