744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
12.01.2026
Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemekde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy

Türkmen-ýapon gatnaşyklary strategik häsiýetli bolup, ol özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanyp, giň möçberli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan gatnaşyklar häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries», «Mitsubishi Corporation», «ITOCHU», «Sojitz» ýaly öňdebaryjy ýapon kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlygyň netijesinde sebitde deňi-taýy bolmadyk önümçilik kärhanalary döredildi. Soňky ýyllarda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda häzirki zaman iri senagat desgalary ulanmaga berilýär. Şolaryň hatarynda Marydaky we Garabogazdaky ammiak hem-de karbamid önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumlaryny, Gyýanlydaky polimer zawodyny, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Çärjew etrabyndaky gazturbinaly elektrik stansiýasyny görkezmek bolar. Bu taslamalar diňe bir ykdysady däl, eýsem, strategik ähmiýete hem eýe bolup, ýurdumyzyň senagat kuwwatyny tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam edýär.

Häzirki wagtda Ýaponiýanyň iri kompaniýalary Türkmenistanda netijeli işleri alyp barýarlar. Bu kompaniýalar köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda giň gerimli taslamalary durmuşa geçirip, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdiler. Şunda gaz we nebithimiýa, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy, öňdebaryjy tehnologiýalar ýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar.

Ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylan uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri-de 2018-nji ýylda açylyp, ulanmaga berlen, sebitde deňi-taýy bolmadyk kuwwatlygy ýylda 1 million 155 müň tonna bolan karbamid öndürýän «Garabogazkarbamid» zawodydyr. Has takygy, ýurdumyzyň himiýa pudagyny ösdürmek we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, gurlan «Garabogazkarbamid» zawody barada «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Сorporation» ýapon we «Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş» türk kompaniýalar konsorsiumynyň arasyndaky şertnama esasynda guruldy. Bu zawodda sintetiki ammiak we karbamid öndürýän esasy önümçilik desgalaryndan başga-da, kömekçi desgalar, şol sanda özbaşdak işleýän elektrik energiýasyny öndürýän gazturbina generatory we deňiz suwuny arassalaýjy we süýjediji desga göz öňünde tutulandyr.

«Garabogazkarbamid» zawody bir ýylda 1 milliard kub metre golaý tebigy gazy gaýtadan işlemäge niýetlenendir. «Garabogazkarbamid» zawody tebigy gazyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde bir gije-gündiziň dowamynda 2000 tonna sintetiki ammiak öndürmäge we onuň esasynda bir gije-gündiziň dowamynda 3500 tonna karbamid dökünini öndürmäge ukyplydyr. Zawodyň öndürýän karbamid önümi düzüminde 46,2 göterim azody saklaýar hem-de dökünleriň arasynda bu ugurda görkezijisi iň bir ýokary hasaplanylýar.

Mundan başga-da, Gyýanlydaky polimer zawodynyň taslamasy «TOYO Engineering Corporation» ýapon kompaniýasynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirildi.

Dünýäde ilkinji gazdan benzin öndürýän zawod hökmünde «Ginnesiň Rekordlar kitabyna» giren Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod hem Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň gatnaşmagynda guruldy. Kärhanada her ýyl «mawy ýangyjyň» 1 milliard 785 million kub metri gaýtadan işlenilip, şondan EURO-5 ölçegine kybap gelýän ECO-93 görnüşli benziniň 600 müň tonnasy, dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasy hem-de suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasy öndürilýär. Bu taslamanyň umumy bahasy bolsa 1 milliard 700 million amerikan dollaryna barabardyr

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy hem Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd» kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bina edildi. Elektrik stansiýasy Ýaponiýanyň meşhur «Mitsubishi Power Ltd» kompaniýasynyň gazturbina enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň taryhynda bu kompaniýanyň tehnologiýalary ilkinji gezek ulanyldy. Bu ýerde her biriniň kuwwatlylygy 144 megawat bolan gazturbinalaryň üçüsi oturdyldy. Täze desganyň ulanylmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatlylygy artdyryp, öňden hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygy bolsa 581,2 megawata deň boldy. Bu taslama Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Özbegistana, Gyrgyz Respublikasyna we Owganystana elektrik energiýasynyň iberilişiniň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Häzirki wagtda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Marykarbamid» zawodyny bökdençsiz işletmek üçin, tehnologik kadalara laýyklykda, önümçiliklerde ulanylýan çig mallar, himiki serişdeler bilen yzygiderli üpjünçiligini ýola goýmak maksady bilen, Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edilýär. Bahasy 3 milliard 400 million amerikan dollaryndan hem köp bolan bu iri maýa goýum taslamasy «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan koreý we ýapon kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy. Onuň önümçilik kuwwaty ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan bu kärhana her ýyl 386 müň tonna ýokary hilli polietileni, 81 müň tonna hem polipropileni öndürmäge ukyply.

Ýapon kompaniýalary ykdysady we energetika hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ammiak hem-de karbamid öndürýän zawodyny, şeýle hem Gyýanly polimer zawodyny gurarlar. Bu barada şenbe güni Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çap edilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň arasynda geçirilen sammitiň jemleri baradaky Bilelikdäki metbugat beýanatynda habar berilýär.

Beýanata görä, Gyýanly şäherçesinde ammiak hem-de karbamid öndürýän zawody dolulygyna gurmak boýunça şertnama 2025-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda baglaşyldy. Şeýle hem 2025-nji ýylyň 23-nji iýulynda Gyýanly polimer zawodynda önümçiligi ýola goýmak boýunça birinji tapgyr işleriň ýerine ýetirilmegi barada şertnama gol çekildi. Taslamanyň çäklerinde önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak arkaly zawodyň işini durnukly ýagdaýda ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawody gurmak taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan bu taslamalar Türkmenistanyň himiýa senagatynda önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de senagat desgalaryny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.

2025-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn ykdysady we energetika hyzmatdaşlygynyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokarda agzalanlar Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny, geljekde-de ýapon işewürlerine ýurdumyzda uzak möhletleýin esasda iş alyp barmaga hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny görkezýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň golaýda Ýaponiýa amala aşyran sapar, onuň dowamynda geçirilen gepleşiklerdir gazanylan ylalaşyklar bolsa iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän täze bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene bir möhüm tapgyr bolar.

Perwaz Usmanow

"Türkmennebit" DK-niň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň Barlag geçiriş we gözegçilik sehiniň başlygy