Garaşsyz Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň ösüşinde möhüm orun eýeleýän gaz senagatynda gazanylýan üstünlikler her birimizi çuňňur buýsanja besleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, geologiýa-barlag işleriniň giň gerimde alnyp barylmagy hem-de önümçilik mümkinçilikleriniň artdyrylmagy ýokary netijeleri üpjün edýär. Şeýle üstünlikleriň nobatdaky beýany hökmünde «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň garamagyndaky Böwrideşik gaz käniniň golaýynda ýerleşýän Hazarly meýdançasynda täze guýudan kuwwatly gaz akymynyň alynmagyny görkezmek bolar.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan bu guýudan bir gije-gündizde 120 müň kub metr möçberinde tebigy gaz çykarmaga mümkinçilik berýän akym alyndy. «Hazarly — 3» diýip atlandyrylan täze guýy Hazarly meýdançasynda gaz akymy alnan ilkinji guýy bolup, ol ýurdumyzyň gaz senagatynda täze mümkinçilikleriň açylýandygyny görkezýär. Bu waka «Lebapgazçykaryş» müdirliginde alnyp barylýan geologiýa-barlag işleriniň yzygiderli we ýokary netijelere gönükdirilendigini tassyklaýar.
Müdirlik boýunça önümçilik görkezijileriniň durnukly ýokarlanmagy gazçylaryň tutanýerli zähmetiniň aýdyň netijesidir. 2025-nji ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça meýilnama 101 göterimden gowrak ýerine ýetirildi. Ýyl boýunça 9 milliard 300 million kub metr gaz çykarmak meýilleşdirilip, ýanwar — noýabr aýlarynda 8 milliard 516 million kub metrden gowrak «mawy ýangyç» öndürildi. Bu görkezijiler ýurdumyzyň gaz senagatynda bellenilen wezipeleriň üstünlikli berjaý edilýändigini görkezýär.
Daşary bazarlara ugradylýan tebigy gaz boýunça hem «Lebapgazçykaryş» müdirligi ýokary netijeleri gazandy. Hasabat döwründe 3 milliard 368 million 988 müň kub metr gaz eksport etmek meýilleşdirilen bolsa, «mawy ýangyjyň» hakyky iberilen möçberi 4 milliard 750 million kub metrden geçdi. Şeýlelikde, eksport meýilnamasy artygy bilen ýerine ýetirildi. Şeýle üstünlikler ýurdumyzyň «mawy ýangyç» boýunça halkara bazarlardaky ygtybarly hyzmatdaş hökmünde abraýyny has-da pugtalandyrýar. Şeýle hem gaz kondensatynyň öndürilişi boýunça bellenilen meýilnamadan artyk netije gazanylyp, önümçilik derejesiniň ýokarydygy subut edildi.
Gazanylýan üstünlikleriň düýp esasynda «Lebapgazçykaryş» müdirliginde zähmet çekýän 2,5 müňden gowrak işgärimiziň yhlasly we tutanýerli işi durýar. Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hökmünde «Lebapgazçykaryş» müdirligi işgärleriň zähmet hukuklarynyň goralmagyna, döredijilikli we howpsuz iş şertleriniň üpjün edilmegine, olaryň durmuş taýdan abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň gaz senagaty ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Täze guýularyň işe girizilmegi, önümçiligiň we eksportyň artdyrylmagy, geologiýa-barlag işleriniň giňeldilmegi Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Şeýle üstünlikler ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak bilen bir hatarda, Türkmenistanyň halkara energetika bazaryndaky ornuny has-da berkidýär.