744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
16.02.2026
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýanwar aýynyň netijelerine garaldy

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow 14-nji fewralda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisde Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew mejlisde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýanwar aýynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Hasabatda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli açylyp ulanmaga berlen gulluk we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar, şol sanda Lebap welaýatynda gurlan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumy barada hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby hünärmenlerini taýýarlamak boýunça geçirilýän çäreleri, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary öz gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle-de ozal berlen tabşyryklaryň we kesgitlenen wezipeleriň berjaý edilişi barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow degişli Permanlara gol çekip, general-maýor Nazar Atagaraýewi, başga işe geçmegi sebäpli, milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşatdy we bu wezipä general-maýor Döwletgeldi Meredowy belledi.

General-maýor Döwletgeldi Meredow harby kasama ygrarlylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk barada dabaraly kasam etdi.

Hormatly Prezidentimiz ministrligiň täze wezipä bellenilen ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw edip, öňde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi hem-de bu düzümiň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.