744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
24.02.2026
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 23-nji fewralda wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri we şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi we ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işleriň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz häkimlere welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada-da tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer Taňryguly Atahallyýew hem ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam edýän esasy pudaklaryň biri hökmünde oba hojalygynyň möhüm ähmiýetini belledi we wise-premýere pudagy döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek, önümçilige sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizlemek, çil we geriş çekmek, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagyny, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi, oba hojalyk tehnikalarynyň ýazky ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, goşmaça dökünleri bermek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini hem-de bugdaý meýdanlarynda ösüş suwunyň tutulyşyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişiniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegini, Daşoguz welaýatynda bu ekinleriň tohumynyň, ekiljek ýerleriniň möwsüme doly taýýar edilmegini, welaýatlaryň bugdaý we pagta öndürijileri bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, sebitlerde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi