744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
24.02.2026
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň Germaniýanyň «BASF» kompaniýasynyň wekili bilen duşuşygy boldy

23-nji fewralda Aşgabatda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «BASF Group» konserniniň Şweýsariýa Konfederasiýasynda ýerleşýän «BASF Intertrade AG» kompaniýasynyň işewürligi ösdürmek boýunça ýolbaşçysy W.Nikitin bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlaryna garaldy.

Taraplar özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardyklaryny, nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garap, işleriň häzirki ýagdaýlary barada durup geçdiler hem-de gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, taraplar tekliplerini beýan edip, olary öwrenmegiň ýakyn geljek üçin meýilnamalary durmuşa geçirmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

«BASF» kompaniýasy Türkmenistanda sebitleýin taslamalara işjeň gatnaşýar. Onuň gaz arassalaýjy enjamlary Gyýanlydaky täze gazhimiýa toplumy üçin saýlanyp alyndy. Zerur bolanda, kompaniýa tehniki goldawlaryny we maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirip biler. Duşuşygyň dowamynda taraplar bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada jikme-jik pikir alyşdylar.

Çeşme: «Türkmenistan» gazeti