744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
25.02.2026
153 kilometrlik Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň geodeziýa işleri tamamlandy

Türkmenistan — Ow­ganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Owganystanyň çägindäki 153 kilo­metrlik möhüm bölegi bolan Serhetabat — Hyrat gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça işler batly depginde alnyp barylýar. Taslamany durmuşa geçirmek üçin mäkäm maddy-tehniki binýat döredildi. Bu bolsa gurluşyk işlerini Owganystanyň örän çylşyrymly daglyk ýerlerinde we alys künjeklerinde hem dowam etmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda gaz geçirijiniň 153 kilometrinde, ýagny onuň tutuş dowamynda geodeziýa işleri tamamlandy, 100 kilometrden gowrak bölegi bolsa potratçy edaralara tabşyryldy. Bu ýerde işler halkara ölçeglerini berjaý etmek bilen ama­la aşyrylýar. Zerur bolan taslama-çenlik resminamalary taýýarlanyldy, enjamlary we materiallary getirmek üçin halkara şertnamalar baglaşyldy.

Taslama çözgütlerine laýyklykda, gurluşyk-gurnama işleriniň kybaplygyna gözegçilik etmek üçin geodeziki ölçegler geçirilýär. Şertnamalaýyn borçnamalaryň çäklerinde Türkmenistana diametri 1 müň 400 millimetr bolan şarly bekleýji kranlar getirildi, diametri 1 müň 422 millimetr bolan turbalaryň getirilmegi dowam edýär, olaryň bir tapgyry häzir Poti portuna (Gruziýa) gelip ýetdi. Şol bir wagtda birleşdiriji, örtüji we turbalary kebşirlemäge ygtyýar berlen kebşirleýjiler hünär synagyndan geçirildi. «Türkmengaz» DK-nyň 217 hünärmeniniň hünär derejeleri tassyklanyldy, kebşirleýji-gurnaýjy toparlaryň 14-si döredildi.

TOPH taslamasy oňa gatnaşýan ýurtlar üçin giň ykdysady mümkinçilikleri açýar. Gazy üstaşyr geçirmegiň hasabyna Owganystanyň her ýyl ABŞ-nyň 1 milliard dollaryndan gowrak girdeji almagyna garaşylýar. Munuň özi infrastrukturany ösdürmegiň, iş orunlaryny döretmegiň we goňşy ýurduň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň möhüm şertine öwrüler.

Iş depginlerini artdyrmak maksady bilen gaz geçirijiniň 12-nji kilometrinde wagtlaýyn ýaşaýyş şäherjigi guruldy. 86-njy kilometrde bolsa ikinji toplumyň gurluşygy do­wam edýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň ikisini göçürmek işleri amala aşyrylýar.

Gurluşyk meýdançalarynda döwrebap gurluşyk tehnikalarynyň 253-si, şol sanda «Zoomlion» buldozerleri we «Komatsu» ekskawatorlary ulanylýar.

Belläp geçsek, TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly ak pata bermegi bilen badalga berildi. Geçen ýylyň 20-nji oktýabrynda bolsa Milli Liderimiz Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan bu bölek TOPH taslamasyny has-da ilerletmek hem-de iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin strategik ähmiýete eýedir.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti