Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň Federal energetika ministri Sardar Awaýs Ahmed Han Legari bilen duşuşdy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we sebit aragatnaşygyny güýçlendirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdy.
Taraplar Merkezi we Günorta Aziýany birleşdirjek ygtybarly energiýa infrastrukturasyny döretmäge aýratyn üns berdiler. Mundan başga-da, serhetaşa energiýa taslamalarynyň (TAPI, TAP) ösüşi barada pikir alşyldy.
Ulag we energetika ulgamyny giňeltmegiň söwda üçin güýçli itergi berjekdigi, öz gezeginde, munuň sebitiň durnuklylygyny üpjün etjekdigi nygtaldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy