Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Owganystanyň Premýer-ministri Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahunddan Oraza aýy mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy.
"Mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Mübärek Oraza aýy tutuş musulman ymmatynyň jebisligini we raýdaşlygyny alamatlandyrýar. Bu günlerde dünýäniň ähli musulmanlary özlerini haýyr-sahawata, sogap işlere bagyşlaýarlar" diýip, Premýer-ministr Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund hatynda nygtaýar.
Onuň bellemegine görä, Owganystan ykdysady durnuklylygyny gazanmaga hem-de mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen iri taslamalary durmuşa geçirmekde berýän goldawy üçin Türkmenistana hoşallyk bildirýär.
"Biz özara hormat goýmak esasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygymyzy tassyklaýarys we doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýäris" diýip, Owganystanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentine ýollan hatynda ýazýar.