744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
26.02.2026
Ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserni bilen geleşikleri baglaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 25-nji fewralda geçirilen birža söwdalarynda nebit önümlerine içerki bazarda isleg bildirildi.

Hususan-da, içerki bazarda ýerli işewürlerimiz “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda bolsa Türkiýe Respublikasynyň we Gyrgyzystanyň işewürleri ýerli işewürlerden nah ýüplügi we BAE-niň işewürleri ýerli işewürlerden 5 % ýoduň spirtdäki erginini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 2 000 000,00 manada we 2 842 800,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy