744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
26.02.2026
«Barsagelmezde» 16 guýy gaýtadan dikeldilip, nebit çykaryjylara ulanyşa tabşyryldy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümindäki edara-kärhanalaryň şu ýylyň ýanwar aýynda ýeten sepgitleri guwandyryjydyr. Konserniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň «Barsagelmez» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň gazanan ýokary ykdysady görkezijileri şunda aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Baýry nebitgaz känleriniň biri bolan «Barsagelmez» ýatagynda düýpli abatlaýjylar gowşamaýan depginde iş alyp barýarlar. Şu ýylyň başyndan bäri olar önüm bermesini kemelden guýularyň 14-siniň deregine 16 sany guýyny gaýtadan dikeldip, nebit çykaryjylara ulanyşa tabşyrdylar. Netijede, bu babatdaky meýilnama 114,3 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle-de gürrüňi edilýän döwürde alnan nebitiň möçberi 850 tonna deň boldy. Munuň özi meýilnamada görkezilenden 296 tonna uglewodorod çig malynyň köpdügini, tabşyrygyň 153,4 göterim berjaý edilendigini aňladýar.

 

Çeşme: «Türkmenistan» gazeti